DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Mertebe — ömrüň manysy

Türkmen halky ynsan üçin durmuşda möhüm bolan gymmatlyklaryň ençemesini kesgitläpdir. Ata-babalarymyzyň «Mertebäň belent bolsun!» diýmegi-de ýönelige däldir. Ynsan ömrüniň manysy mertebeli ýaşaýyşda jemlenendir. Il içinde belent mertebeli adamlaryň sylag-hormaty beýik bolupdyr. Durmuşda mertebe diýen düşünjä dürli garaýyş bar. Mertebäni her kim bir ýerde, ýagny biri ylymda, biri baýlykda görýär. Umuman, mertebe diýen düşünjä bolan garaýyş dürli manyda ýaýrandyr.
Orta asyr alymlarynyň birnäçesi «Ynsan üçin ylymdan beýik mertebe ýokdur» diýip belläp geçýär. Elbetde, ylym ynsany dürli mertebe belentligine ýetirip bilýär. Ýöne durmuşda mertebe belentligine adamçylyk häsiýetleri bilen ýetmek möhümdir.
Halk arasynda meşhur rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär. Gadym eýýamlarda baýlyk, ylym we mertebe üçüsi bir saçagyň başyna jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar. Baýlyk özüni magtap başlapdyr: «Meniň adamlara täsirim örän uly. Olary parlaklygym bilen özüme çekýärin. Her bir ýagdaýda meni ýatlamaga, maňa arka diremäge mejbur bolýarlar. Köp kynçylyklar meniň bilen çözülýär gidýär. Meniň ýok ýerimde argynlyk, tukatlyk höküm sürýär».
Soňra ylym söze başlap: «Men hemişe akyllar bilen iş salyşýaryn. Işleriň çözgüdini paýhas, mantyk we düzgün-kanun bilen çözmegi başarýaryn. Hatda baýlyk gazanmagyň ýollaryny hem men salgy berýärin. Bisowatlyk, garyplyk, sökellik ýaly dertleriň garşysyna hem berk göreşýärin. Adamzadyň geljegi üçin zerur zatlary hem men öwredýärin» diýipdir.
Soňra söz gezegi mertebä ýetipdir: «Ikiňize-de hormatym uly, ýöne mertebäniň ýok ýerinde baýlygyň hem, ylymdarlygyň hem bahasy egsilýändir. Mertebäniň bahasy örän uly, ol satylmaýaram, satyn alybam bolmaýar. Kim mertebeli bolmaga jan etse, oňa özümi bagyş edýärin. Kim meni harlasa, men hem ondan ýüz öwürýärin» diýipdir. Soňra olar hoşlaşyp, birek-birek bilen didarlaşyp durmagy arzuw edipdirler. «Biz birek-biregi nireden tapyp bileris?» diýip soraşypdyrlar.
«Men gitsem, meni baýlaryň mülkünden, täjirleriň howlusyndan gözläň, taparsyňyz» diýip, baýlyk dillenipdir.
«Men gitsem, meni mekdep-medreselerden, alymlaryň söhbedinden gözläň, taparsyňyz» diýip, ylym hem öz salgysyny beripdir.
Mertebe näme diýjegini bilmän, dymyp duruberipdir. «Sen näme üçin hiç zat ýaňzydaňok, gitseň, biz seni nireden taparys?» diýip soranlarynda, ol: «Men gitsem, gaýdyp dolanmaryn. Men bir gitsem, meni hiç ýerden tapmarsyňyz» diýip jogap beripdir.
Durmuşda ählimize gerekli hökmany gymmatlyklar bar. Olaryň birini ýokary tutup, beýlekisini peselder ýaly däl, hersi öz ornunda juda ähmiýetli, ýöne ylma hem, baýlyga hem, mahlasy, ýaşaýşa, durmuşa hem has kämil öwüşgin çaýýan zatlaryň biri mertebedir.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.