«Hawa, biz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, şygra salan we «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,//Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyrylan döwletini gurduk». Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyndan alnan bu ajaýyp jümleleri gaýta-gaýta okadygyňça, gadymy Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmaty, onuň halkyň ykbalyny düýpgöter özgerden taryhy ähmiýeti örboýuna galýar.
Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Garaşsyzlyk bäş müň ýyllyk taryhy menzilinde ýetmişden gowrak azym-azym döwletleri döreden halkyň täzeden galkynmagydyr. Mukaddes Garaşsyzlyk türkmeniň göterilen ykbalydyr, nurana geljegine bolan ynamydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýen sözleri hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri halkymyzyň milli döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyzlyk watansöýüji halkymyzyň jebisligini, il-ýurduň, geljekki nesilleriň şu güni we ýagty ertiri üçin bir maksada gulluk edýändiginiň alamaty bolmak bilen, milletiň ykbal kesgitleýji çözgütleri, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wezipeleri kesgitlemekde özygtyýarlylygynyň kepilidir. Döwlet Garaşsyzlygynyň taryhy-syýasy ähmiýeti milli döwletlilik taglymatymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriniň mizemezliginde, döwlet berkararlygynyň sütünleriniň mäkämliginde hem-de halkyň ykbal daragtynyň pajarlap ösmeginde aýdyň şöhlelenýär.
Pederlerimiziň halkyň abadan durmuşy, döwlet berkararlygy, ýurt abadançylygy hakyndaky ýagşy niýetleriniň, eden arzuwlarynyň bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mysalynda wysal bolýandygy kalbymyzy buýsançly duýgulara besleýär. Biz muny güneşli Diýarymyzda bagtyýarlyga beslenýän günleriň her bir pursadynda aýdyň duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň milli döwletlilik ýörelgesine eýerip, ýurdumyzy täze Galkynyşyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň belent üstünliklere, şanly menzillere beslenip külterlenen şöhratly menzilleri geljekde ata Watanyň, halkyň ykbalyna oňyn täsirini ýetirjek beýik ösüşleriň, röwşen geljegiň aýdyň gözýetimini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pyragynyň arzuw edişi ýaly, Hydyr gören keremli topragymyzda bagtyýar ilimiz erkana durmuşyň hözirini görýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, agzybirlige, jebislige gol beren halkymyzyň halal zähmetiniň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeginiň läle-reýhanlyga, bagy-bossanlyga bürenýändigine göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan ösüşlerden, ýetilen belent sepgitlerden, berkarar döwletimiziň barha belende galýan abraý-mertebesinden raýatlarymyzyň köňülleriniň, ýürekleriniň bir maksada gulluk edýändigi äşgär görünýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.