Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabaralar bilen bellenilýär. Daýhanyň ýadawsyz zähmetine, ene topraga, ondan öndürilýän bereketli hasyla goýulýan belent hormat-sarpanyň alamaty bolan bu guwanç-buýsançdan doly toý güni her bir ynsanyň kalbynda barha çuňňur orun alýar.
Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda welaýatymyzda bu ajaýyp baýramy saldamly zähmet sowgatlary bilen garşy almak asylly däp hasap edilýär. Şundan ugur almak bilen, edermen babadaýhanlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ýörelgä köpçülikleýin eýerdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen gaýratly zähmet çekip, dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler.
Ýylyň ilkinji hasyly bolan ak piläni ýetişdirmekde welaýatymyzyň ýüpekçileriniň gazanan üstünligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar geçen ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde 507 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni döwlet harmanyna tabşyryp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu üstünlige Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşikleriniň pileçi kärendeçileri has uly goşant goşdular.
Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlarynyň şu ýylda ýeten belent sepgitleri-de hemmeleri guwandyrdy. Olar 145 müň gektar meýdandan 270 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, Watan harmanyna goşmagy başardylar. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen amal edilendigini aňladýar. Bu uly zähmet ýeňşinde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr», Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr», Şabat etrabynyň «Azatlyk» we beýleki onlarça daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer gallaçylarynyň mynasyp paýlary bar. Şu möwsümde her gektardan 50 — 60 sentnerden geçirip galla hasylyny öndürmek bilen, köplere görelde görkezen kärendeçileriň köp bolandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Sanabar Genjäýewa, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Garrybaý Ataşow, Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginden Ogulnur Gylyjowa we beýlekiler bar.
Şan-şöhrata beslenýän şu ýylda welaýatymyzyň pagtaçy, şalyçy, gök ekerançy daýhanlarynyň, bagbanlarynyň hem joşgunly zähmet çekendiklerini olaryň güýz paslynyň häzirki amatly günlerinde özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda ýetişdiren hasyllaryny ýitgisiz ýygnamak bilen gazanýan netijeleri-de aýdyň tassyklaýar. Welaýatymyzyň «ak altyn», şaly harmanlary barha beýgelýär. Munuň şeýle bolmagyna pagtaçy, şalyçy kärendeçileriň ençemesiniň mynasyp goşantlary bar. Olaryň arasynda döwlete «ak altyn», şaly tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän kärendeçileriň günsaýyn artýandygy örän guwandyryjydyr.
Elbetde, welaýatymyzyň pileçileriniň, gallaçy, pagtaçy, gök ekrançy daýhanlarynyň ene topraga yhlaslaryny siňdirip gazanýan üstünlikleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmak maksadynda janypkeşlikli zähmet çekýän kärendeçi daýhanlar, daýhan hojalyklarynyň agzalary üçin oňaýly şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň, çäksiz goldawlarynyň durandygyny bellemek zerurdyr. Çünki döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň göwünlerini galkyndyryp, has-da belent sepgitlere ýetmeklerine ýardam berýär.
Hasyl toýuňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.