Türkmen halky üçin gadyr-gymmaty bilen arzyly, mukaddesligi bilen teperrik «Türkmenistan» diýen söz häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi üçin «parahatçylyk», «ynanyşmak», «dost-doganlyk», «hoşniýetlilik» hem-de «ynsanperwerlik» ýaly many öwüşginlerini berýär. Çünki halkara giňişliginde Bitarap Türkmenistanyň bu ugurdaky ynsanperwer we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleridir başlangyçlary belent ykrara eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi sözümiziň nobatdaky subutnamasydyr. Şonuň bilen bir hatarda, bu belent ykrar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň beýik üstünligidir.
Bu möhüm waka mynasybetli Aşgabat şäherinde sport çäresiniň ýaýbaňlandyrylmagy, tutuş jemgyýet bolup Saglyk ýolundan geçilmegi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimiziň sylaglanylmagy täze taryhy döwürde milli sportumyzyň galkynýandygyny alamatlandyrdy. Sylaglanylan türgenleriň hatarynda ildeşimiz, Ispaniýanyň Leon şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan, bu ugurda dünýä rekordyny täzelän Şahzadbek Matýakubow hem bar. Oňa hormatly Prezidentimiziň adyndan «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulag sowgat berildi.
Berkarar döwletimiziň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň belent ykrara eýe bolýandygy, şeýle hem Arkadagly we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň gazanýan sport üstünlikleri bagtyýar halkymyzda egsilmez buýsanç döredýär.
Täze taryhy döwürde milli sportumyzy galkyndyrmak, türgenleriň täze neslini kemala getirmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.