Ösüşli, özgerişli menzilleri, şanly wakalary bilen ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan ýyllarymyzyň her biriniň buýsançly şygara beslenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyrymyzyň öz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl bolan eziz Diýarymyzyň tenekar howasyndan dem alyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiziň her biri üçin guwandyryjy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynda belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldaryna, türkmeniň nusgawy şahyryna bagyşlap döreden goşgusy şeýle setirler bilen başlanýar:
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Kämil eserleriň sanyny artdyran bu ajaýyp şygyrda akyldar şahyryň beýik şahsyýetine we dünýä nusgalyk döredijiligine uly hormat-sarpa şahyrana beýan edilýär. Milli edebiýatymyzy baýlaşdyran goşgynyň adynyň bütin ýylyň şygary derejesine göterilmegi iki beýikligiň sazlaşygyny emele getirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, umumadamzat medeniýetiniň ösüşiniň göwher gaşyna öwrülen hem-de kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge, wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Magtymguly Pyragynyň dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlara, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky wesýetlere ýugrulan döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde her bir ynsanyň kalbyna çuňňur ornaşýar. Magtymgulynyň çuň manyly şahyrana pikirleri milli terbiýe nukdaýnazaryndan gymmatly çeşmeleriň naýbaşysydyr.
Halky eserleriň we söz ussatlarynyň edebiýaty beýgeltmekleri eýýamlara, adamzada güýçli täsirini ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň öz döwrüniň ruhy bilen döreden eserleriniň döwürlere ýalkym saçmagy edebiýat babatdaky şol durmuş hakykatyndan ugur alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgawy şahyrymyza: «Magtymguly hem taryhdyr, hem hakykatdyr» diýip, ýokary baha bermek bilen, onuň birnäçe goşgy setirlerine-de ýüzlenýär:
Ulalanda, iş hoş ýakmaz,
Ýaşlykda köýmän ýigide —
diýip, halkyň arasynda nakyla öwrülen jümleleriniň terbiýeleýjilik güýjüne uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, Magtymgulynyň öwüt-ündewleri goşgy setirlerinde göni ýüzlenmek arkaly däl-de, çaganyň, ýetginjegiň, ýigidiň maňzyna gowy ýeter ýaly, pikir aýlawly hem medeniýetli usulda ýüze çykarylýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy düýpli öwrenmäge, aýawly saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertleriň netijesinde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döredijilik işgärleri bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde, duşuşyklarymyzda nusgawy edebiýatymyz, akyldar şahyrymyzyň gymmatly eserleri dogrusynda söhbet edýäris.
Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredýän, milli gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.