Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag ekmek möwsümlerine badalga berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da işjeň dowam etdirilýändigini alamatlandyryp, şäherdir obalarymyzda müňlerçe düýp miweli, saýaly, pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagyna, şeýlelikde, daş-töweregiň, tebigatyň has-da gözel bolmagyna möhüm goşant goşulmagyna ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu barada şeýle diýdi: «Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär». Bu bolsa ýurdumyzda baglaryň artdyrylmagyna, ata-babalarymyzyň bu babatdaky ýörelgeleriniň rowaçlandyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini subut edýär.
Belli bolşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň töwereklerinde, welaýatlaryň çäklerinde bag ekmek, dürli görnüşli agaçlary ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde häzirki wagtda şol ýerlerde bag-bakjaly meýdanlar, uly baglar döräp, töwerege bezeg berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle sözler bar: «Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri uly. Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiýetlidir. Käbir daragtlar bize täsirli we jadyly güýji bagyş edýär diýsek öte geçmeris. Biz daragta gözümiz düşse ýüregimize ýakyn we ýakymly kimdir birine duşan ýaly begenýäris». Bu sözler Gahryman Arkadagymyzyň tebigata çäksiz söýgüsiniň subutnamasydyr. Garaşsyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlar hem şu garaýyşlardan gözbaş alýar.
Halkymyzyň paýhasly bagbançylyk ýörelgeleriniň rowaç alýan, baglara hormat-sarpanyň artýan häzirki döwründe ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, şol sanda biziň welaýatymyzyň çäklerinde döredilýän baglarda tejribeli bagbanlaryň mynasyp goşantlary bar. Olar hormatly Prezidentimiziň bu babatda döredýän şertlerinden peýdalanyp, şeýle uly aladalara iş bilen jogap bermegi maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler. Şeýle başarjaň, baglara yhlasly adamlaryň ýadawsyzlygy bilen miweli, saýaly agaçlaryň müňlerçe düýbi ösüp ýetişýär.
Elbetde, welaýatymyzyň bagbanlary, bag janköýerleri, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görýärler. Häzirki günlerde bag nahallarynyň oturdyljak meýdanlary ýene-de bir gezek gözden geçirilýär, dürli görnüşli agaç nahallary taýýarlanylýar. Bu işler bag ekmek möwsüminiň guramaçylykly alnyp barylmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berilýän möwsüm üstünlikli geçiriler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.