DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Derde melhem şerbetler

Halk arasynda «Balygyň diriligi suw bilen» diýlen pähim bar. Suw ynsan ýaşaýşynyň hem esasy çeşmesi hasaplanylýar. Edil şonuň ýaly-da, miwe we ter gök-önümleriň şerbetleridir şireleri, süýt we süýt önümleri, çaýyň dürli görnüşleri hem bedeni taplamakda, hem-de saglygyňy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ynsanyň gündelik durmuşynda iň köp ulanýan önümi hem içgilerdir.
Miwelerdir gök önümlerden taýýarlanylan şirelerde adam bedenine zerur witaminler, minerallar tebigy görnüşde saklanýar. Olar askorbin turşusyna we C witaminine baý bolýarlar. Miwe şireleridir şerbetleri kalsiý, magniý, natriý, kaliý, fosfor, sink, demir, ýod, ftor ýaly peýdaly mikroelementleriň hem esasy çeşmesidir.
Süýt we süýt önümleri içegeleriň kadaly mikroflorasyny üpjün edýärler, şeýle hem iýmit siňdiriş ulgamynda kesel dörediji mikroblaryň, kömelejikleriň ýaşamagyna, köpelmegine päsgel berýärler. Süýt esasly içgileriň düzüminde beden üçin zerur aminokislotalar, ýaglar, uglewodlar, makro we mikroelementler, witaminler köp mukdarda bolýar. Olar bedendäki madda alyş-çalyş hadysasyny kadalaşdyrýar, bedeni gurplandyrýar. Çagalarda daýanç-hereket, nerw we beýleki ulgamlaryň sagdyn ösmegi we kadaly işlemegi üçin süýt esasly içgileriň ähmiýeti örän uludyr.
Çaýyň we kofäniň düzümindäki tebigy alkaloidler adamda akyl we fiziki işjeňligi ýokarlandyrýar, mikroelementler bolsa bedendäki ýadawlygy aýyrýar, rahatlandyrýar. Çaýdaky antioksidantlar bedende emele gelýän erkin radikallary zyýansyzlandyryp, birnäçe keselleriň öňüni alýar. Çaýyň saglyk üçin peýdaly häsiýetlerini ýokarlandyrmak üçin ýandagyň gülüni, çopantelpegi, mekgejöwen gulpagyny, buýan köküni, itburuny we beýleki dermanlyk ösümlikleri, miwe kaklaryny goşup demlemek maslahat berilýär.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.