Türkmen-özbek gatnaşyklary: hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk

Taryhy, medeni, ruhy kökleri bir bolan türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Iki halkyň arasyndaky däp bolan goňşuçylyk gatnaşyklary heňňamyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has hem berkedi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk öz çygryny-da, gerimini-de, ösüş depginini-de barha giňeldýär. Muňa halkara hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda göze ilýän öňe ilerlemeleriň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Bu aýdanlarymyza hormatly Prezidentimiziň 16-17-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary we onuň netijesinde gazanylan ylalaşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu döwlet sapary birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň sebitiň abadançylygyny hem-de ikitaraplaýyn netijeliligi üpjün etmäge gönükdirilýändigini alamatlandyrdy.
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sammite sebitde hoşniýetli hyzmatdaşlygy we ählumumy abadançylygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim hökmünde baha berilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar. Indi ençeme ýyllardan bäri bu sammit syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde sebitiň döwletleriniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini ýüze çykardy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi. Şu ýerde Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul edendigini hem aýratyn nygtamak zerur. Berkarar döwletimiz ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, sebitde parahatçylygy we ählumumy abadançylygy öňe sürýän hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hem: «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýär» diýlip, aýratyn nygtalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşynda ulag, energetika, söwda ulgamlary, senagat we tehnologik kooperasiýa hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezilýär.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebitde ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, «ýaşyl» energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi. Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ygtybarly dostluk gatnaşyklaryna eýerýän, strategik hyzmatdaş we doganlyk ýurtlar bolan Türkmenistan bilen Özbegistan hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde özara söwdanyň giňeldilmegi hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, isleg bildirilýän önümleri öndürmegi hem-de üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy, logistika düzümini kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda: «Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris» diýlip, bu hakda aýratyn bellenilýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändiginiň, ählumumy abadançylygy üpjün etmek babatda maksatlarynyň birdiginiň aýdyň güwäsidir. Bu ugurda iki döwletiň ägirt uly mümkinçilikleridir tagallalarynyň işjeň durmuşa geçirilýändigine hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary we ak pata bilen ulanmaga bermekleri däp bolan goňşuçylygyň ygtybarly hyzmatdaşlyga öwrülýändiginiň, dost-dogan halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ynanyşmak arkaly berkeýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagy bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk, belent buýsanç döretdi. Bu sylag Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan şahsy goşandynyň, dünýäde we Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, abadançylygy, hoşniýetli dialogy pugtalandyrmakda amala aşyran beýik işleriniň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli tamamlanmagy iki doganlyk halklaryň hyzmatdaşlygyny, birek-birege ynanyşmagyny has-da berkitdi, taryhy müňýyllyklara uzaýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze derejä — ygtybarly hyzmatdaşlyga öwürdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
