Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Dostana gatnaşyklaryň ykdysady binýady berkidilýär

18.11.2025
2
Dostana gatnaşyklaryň ykdysady binýady berkidilýär

Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady durmuşynda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny has-da dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary iki ýurduň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 
Söwda merkeziniň umumy tutýan meýdany 3 gektara barabar bolup, onuň çäginde söwda dükanlarynyň 37-si, naharhanalaryň 2-si, ammarlaryň 15-si guruldy. Bu dabara welaýatymyzyň hem-de doganlyk döwletiň Horezm welaýatynyň ilaty, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle hem ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu taryhy ähmiýetli waka iki halkyň wekillerinde egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.