Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Dost-doganlygyň aýdyň nyşany

19.11.2025
2
Dost-doganlygyň aýdyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleri Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň, halkymyzyň taryhynda hemişelik yz galdyrýan wakalara, toý-baýramlara ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň hem-de goňşy Özbegistan Respublikasynyň araçäginde gurlan täze döwrebap söwda merkeziniň geçen duşenbe güni uly dabaralar bilen açylyp, ulanmaga berilmegi-de şeýle möhüm wakalaryň biri boldy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda bolan hoşallyk maslahatynda hem bu barada uly guwanç-buýsanç bilen gürrüň edildi. Maslahata welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşyp, dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyrdylar. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe doganlyk ýurtlarymyzyň, halklarymyzyň dürli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyklarynyň, dostlukly gatnaşyklarynyň barha pajarlap ösýändigini, serhet ýakasynda açylan döwrebap söwda merkeziniň munuň ýene-de bir anyk subutnamasy bolandygyny guwanç bilen nygtap, Garaşsyz ýurdumyzda bolup geçýän şeýle wakalara ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar. Çykyşlaryň dowamynda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlarynyň dik, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi. 
Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary iki doganlyk halkyň durmuşyndaky ajaýyp waka bagyşlanan bu dabara aýratyn röwüş çaýdy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.