Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Tagamly çörek önümleri — saçaklarymyzyň berekedi

21.11.2025
2
Tagamly çörek önümleri — saçaklarymyzyň berekedi

«Köneürgençgallaönümleri» kärhanasynyň çörek bişirilýän sehiniň çörek önümleri alyjylaryň arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Häzirki zaman kämil tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, alyjylaryň islegi nazara alnyp, önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy olaryň gazanýan durnukly görkezijileriniň esasy çeşmesi bolup durýar.
Şu ýylyň geçen 9 aýynda sehiň zähmetsöýer agzalary 552 tonna 351 kilogram çörek önümlerini öndürdiler. Häzirki günde bu ýerde çörek önümleriniň 5 görnüşi öndürilýär. Ýokary görnüşli undan bişirilýän «Höwesli», «Toý külçe» galyp çörekleri, «Ahal» tamdyr çöregi we «Garaşsyzlyk» batony ýaly tagamly önümler alyjylar tarapyndan has uly isleg bilen satyn alynýar. Elbetde, bu ýerde çykarylýan önümleriň sarp edijileriň arasynda islegli haryda öwrülmegi, ilkinji nobatda, kärhanada zähmet çekýän işçileriň ussatlygyna bagly. Zähmet toparynyň çörek bişirijileri Akmyrat Täşliýew, Maksat Gurbanow, Begmyrat Tekäýew hem-de tamdyrda çörek bişirijiler Bahar Amangeldiýewa, Şemşat Gylyçgurbanowa dagy özlerini önümçilikde hakyky ussatlar hökmünde görkezýärler. — Indi, tas 30 ýyl çemesi wagt bäri önümçilik sehimizde dürli görnüşli çörek önümleri bişirilýär. Şunlukda, agzybir işgärlerimiziň tagallasy bilen her günde 2 tonnadan gowrak dürli agramdaky çörek önümleri öndürilýär.Ýokary hilli çörek önümleri kärhananyň söwda nokatlarynyň üçüsiniň üsti bilen alyjylara ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, her gün Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşen harby bölümlere, çagalar baglaryna hem-de etrabyň pagta egriji fabrigine ugradylýar. Geljekde çörek önümleriniň täze görnüşlerini alyjylara hödürlemek meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk toý dabarasyny zähmet üstünlikleri bilen garşylarys — diýip, çörek sehiniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Akgül Kömekowa buýsanç bilen aýdýar.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.