Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ajap döwrüň ylhamy — göwünleriň joşguny

24.11.2025
3
Ajap döwrüň ylhamy — göwünleriň joşguny

«Arkadag Serdarly ajaýyp döwür, parahat Watanym galkynýar bu gün» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýarlykdan paýly her bir güni merdana halkymyzyň kalbyna egsilmez buýsanç, bagt bolup ornaýar. Ajaýyp döwrümizde her bir adamyň bagtyýarlygy, ýaş nesliň röwşen geljegi hakynda edilýän aladalar kalplara ylham, joşgun bagyşlaýar. Bu hakykata «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde yglan eden «Arkadag Serdarly ajaýyp döwür, parahat Watanym galkynýar bu gün» atly döredijilik bäsleşigine gelip gowşan eserleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden dabaralandyrmak, täze taryhy döwürde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri metbugatda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabarada buýsançly duýgulara beslenen çykyşlara, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri wasp edilýän goşgulara giň orun berildi. Çykyş edenler döredijiligiň islendik ugry bilen meşgullanmaga we öz eserlerinde ajaýyp döwrümizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp etmäge döredip berýän ägirt uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Soňra dabaranyň dowamynda bäsleşigiň goşgy ýazmak ugry boýunça, Garaşsyzlyk etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň mugallymy Aýyt Gurbanowyň birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň mugallymy Begenç Baýnepesowyň ikinji, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Çary Baýryýewiň üçünji, hekaýa ýazmak ugry boýunça Görogly etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy Bahar Annaşowanyň birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy Toýly Kerimowyň ikinji, Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Laçyn Myradowanyň üçünji orunlary eýeländikleri yglan edildi hem-de olar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Şeýle hem goşgy ýazmak ugry boýunça TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljennet Nazarowa, TOHI-niň mugallymy Bibi Taganowa, hekaýa ýazmak ugry boýunça TOHI-niň hünärmeni Meýlis Ballyýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gözel Seýidowa, Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Mähri Amanowa daga höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.