Şanly ýylyň şygary — döwrümiziň çyragy

Golaýda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Saglygy goraýyş ulgamy bedew bady bilen ösüşlere barýar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat onkologiýa hassahanasynyň mejlisler eýwanynda guralan maslahata lukmanlar, kiçi saglyk işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler şu ýylyň şygarynyň tutuş halkymyzyň hatarynda, saglyk işgärlerini-de täze üstünliklere ruhlandyrandygyny, şonuň netijesinde olaryň has-da gaýratly zähmet çekýändiklerini bellediler hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Şunlukda, maslahat oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
