
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Gyş döwründe maldarlaryň aladasynyň has-da artýandygy mälimdir. Çünki şu günlerde mallary ýyly saklap, wagtynda iýmitlendirip, önümliligini peseltmezlik şol gaýragoýulmasyz işlere bagly bolýar. Şoňa görä, welaýatymyzyň maldarlary-da häzirki wagtda bu ugra ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Munuň şeýledigini Görogly etrabynyň kärendeçi maldarlarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň mysalynda hem görmek mümkin. Olar hormatly Prezidentimiziň halkymyzy maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaga çalşyp, öz işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu babatda aýdylanda, etrabyň Magtymguly adyndaky, «Bereket», «Aksaraý» we beýleki daýhan birleşikleriniň kärendeçi maldarlarynyň aýratyn tapawutlanýandyklaryny bellemek gerek. Zähmetsöýer maldarlaryň gowy netijeleri gazanmaklary olaryň gyş döwrüne has öňünden, ýokary derejede taýýarlyk işlerini amala aşyrmaklary bilen baglanyşyklydyr. Belläp geçişimiz ýaly, etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary mallary ýyly hem-de dok gyşlatmakda oňat görelde görkezýärler. Olardan Annamyrat Bekiýewiň, Baýramgeldi Nurgeldiýewiň, Pälwan Bugraýewiň atlaryny agzamak bolar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda bu daýhan birleşiginde iri şahly mallaryň 400-den gowragy kärendeçilik usulynda idedilýär. Şeýlelikde, bu ýerde mallardan bol önüm almak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Bu daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçi maldarlarynyň biri-de, ýaňy hem agzap geçişimiz ýaly, Pälwan Bugraýew bolmaly. Bu zähmetsöýer maldaryň öz garamagyndaky mallary talabalaýyk idetmek boýunça berjaý edýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biz golaýda daýhan birleşiginde bolup, kärendeçi maldarlaryň häzirki döwürdäki iş-aladalary bilen tanşanymyzda Pälwanyň idedýän mallarynyň ýagdaýyna ýakyndan syn etmek mümkinçiligi döredi. Şonda maldarçylykda 20 ýyla golaý iş tejribesi bolan bu ýigidiň mal idetmegiň ýol-ýodalaryny birkemsiz ele alandygy mälim boldy. Çünki onuň mal ýatagynda saklanylýan tohum öküzleriň, ene sygyrlaryň, göleleriň ideginiň ýetirilýändigi şeýle seredeniňde bildirip dur.
Kärendeçi maldarlaryň aýtmagyna görä, ol mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin bölünip berlen 20 gektar meýdandan geçen ýyl hem bol ýorunja bedesiniň, mekgejöweniň, arpanyň ýokary hasylyny öndüripdir. Şonuň ýaly-da, şol döwürde iri baldakly meýdan otlarynyň, bugdaý samanynyň köp mukdaryny ýygnapdyr. Bu bolsa oňa häzirki günlerde mallary göwnejaý iýmitlendirmäge mümkinçilik berýär. Etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçi maldary Toýly Baýramdurdyýewiň hem häzirki wagtda öz gözegçilik edýän 50-den gowrak iri şahly mallaryny gyşdan gurat, ýokary önümli ýagdaýynda alyp çykmak ugrunda gaýratly zähmet çekýändigini bellemek ýerliklidir. Munuň şeýledigini onuň kärendeçiligindäki mallardan alynýan önümleriň gündelik mukdary hem anyk tassyklaýar. Bu babatda kärendeçi maldaryň hem geçen ýylda bol ot-iým ätiýaçlygyny döretmeginiň, şu günlerde ondan rejeli peýdalanmagynyň ähmiýeti uly bolýar.
— Gyş maldarlar üçin synag döwri hasap edilýär. Şoňa görä-de, ondan üstünlikli geçmäge çalşyp, mallarymyzyň otuny-iýmini kem etmeýäris. Bu hem olaryň ýagdaýynyň oňat bolmagyna ýardam berýär. Nesip bolsa, geljekde mallarymyzyň baş sanyny has-da artdyrarys. Munuň üçin ähli zerur şertlerimiz bar — diýip, kärendeçi maldar aýdýar.
Görnüşi ýaly, etrabyň maldarlary hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, maldarçylyk pudagyny ösdürmek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, şeýle netijeli işleri amala aşyrýarlar. Munuň özi olaryň şu ýyl hem uly üstünliklere eýe bolmaklaryna mümkinçilik döredýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available