Şa serpaýyň gutly bolsun, Köneürgenç!

2025-nji ýylyň jemleri boýunça Köneürgenç etrabynyň ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, welaýatymyzyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Köneürgenç etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy. Bu şatlykly waka diňe bir etrabyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem tutuş welaýatymyzyň halky üçin uly buýsançdyr. Bu ýeňiş ýöne bir sanlaryň ýa-da görkezijileriň netijesi bolman, eýsem, etrabyň zähmetsöýer ilatynyň, daýhanlarynyň, gurluşykçylarynyň, mugallymlarynyň, lukmanlarynyň we ähli hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmetiniň, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsiniň we döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatyna bolan mizemez ynamynyň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, Köneürgenç topragynyň beýik şahsyýetleri, alymlary we serkerdeleri ýetişdirendigini, ylym-bilim we medeniýet ojaklarynyň biri bolandygyny görýäris. Gazanylan uly üstünlik hem şol şöhratly geçmişiň dowamatydyr, çünki bu topragyň bereketli goýnunda ýaşaýan we zähmet çekýän ildeşlerimiz ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirip, täze taryhy eýýamda mukaddes Köneürgenç topragynyň şöhratyna şöhrat goşýarlar. Ýeňiji etrap diýen belent derejä eýe bolmak uly jogapkärçiligi, şol bir wagtyň özünde uly bagty aňladýar. Bu üstünligiň aňyrsynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylan ägirt uly işler dur. Etrapda oba hojalyk pudagynda gazanylan netijeler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Edermen daýhanlar toprak bilen işleşmegiň inçe syrlaryny ele alyp, döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, «ak altynyň» we bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde nusgalyk görelde görkezdiler. Olar topragyň hakyky eýeleri hökmünde Watan harmanyna uly goşant goşup, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny we ykdysady kuwwatyny berkitmekde yhlasly zähmet çekdiler. Etrabyň çäginde gurlup ulanmaga berlen döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, medeniýet merkezleri we ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň mysalydyr. Etrabyň merkeziniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, täze ýollar çekildi, arassa agyz suwy, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçilik ulgamlary döwrebaplaşdyryldy.
Etrap häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanylmagy zähmetkeşlere goýulan uly hormatyň nyşanydyr. Bu serişdeler etrabyň mundan beýläk-de ösmegine, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdiriler. Etrabyň ýeňiji diýlip yglan edilmegine bagyşlanan toý dabarasy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen gurlup ulanmaga berlen döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdança ir säher bilen köp adamly boldy. Dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar, talyp ýaşlar, welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Açyk asmanyň astynda guralan sahnada welaýatyň hem-de etrabyň medeniýet we sungat ussatlary halkymyzyň döredijilikli zähmetini, täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp etdiler.
Bu ýerde azyk önümleriniň, dermanlyk ösümlikleriň, halk senetçilik önümleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, el işleriniň sergisi guraldy. Sergini synlan adamlaryň ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň her bir işe oýlanyşykly, pähim-parasatly çemeleşişlerine, dokamagy, döretmegi sungat derejesine ýetirmek ukyplaryna hormatlarynyň artandygy şübhesizdir. Dabarada kitap sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de, hatar gurap oturan ak öýler, bezemen sahna bu ýere özboluşly baýramçylyk ruhuny çaýdy. Çärä gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri esasynda taýýarlanylan melhem çaýlar hödür edildi. Soňra Bitaraplyk şäherçesiniň Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary ýol-ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Watanymyzda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça Köneürgenç etrabynyň ýeňiji bolmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglanylmagy, şeýle-de şanly ýylymyzyň hem bu joşgunly dabaralar bilen utgaşyp, köňüllerde ebedilik orun aljakdygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
***
Şol gün ajaýyp waka mynasybetli, Bitaraplyk şäherçesindäki «Köneürgenç» toý mekanynda toý sadakasy berildi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
