Daşoguz+12°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Alkyşlarymyz ýürekdendir, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

17.02.2026
1
Alkyşlarymyz ýürekdendir, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Halnazar Nurmuhammedow,
Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy: 
   — Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, biziň etrabymyzyň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi ähli ildeşlerimiz üçin örän guwandyryjy, buýsandyryjy waka boldy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok.
Etrabymyzyň şeýle hormatly derejä eýe bolmagy onuň dürli pudaklarda ak ýürek bilen, ýadawsyz zähmet çekýän adamlarynyň, ähli ýaşaýjylarynyň gazanýan üstünliklerine, agzybirligine, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga bolan hyjuw-höweslerine berlen ýokary baha hökmünde göwünlerimizi galkyndyrdy. Şeýle şatlykly pursatda Garaşsyz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Almagül Pirnepesowa,
Köneürgenç etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda-da ähli ugurlarda möhüm özgerişler amala aşyryldy, uly üstünlikler gazanyldy. Olaryň netijesinde hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen, ýurdumyzyň paýtagtynyň, welaýatlarynyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde etrabymyz 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.
Häzirki döwürde etrabymyzyň ähli ýaşaýjylary, şol sanda ýaş nesilleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän çäksiz aladalaryny görüp, duýup, göreldeli zähmet çekýärler, bilim-terbiýe alýarlar. Munuň üçin zerur şertleriň döredilmegi, hemmetaraplaýyn goldawlaryň edilmegi olaryň ruhuny has-da belende göterýär, ata Watanymyza, bagtyýar durmuşymyza buýsançlaryny artdyrýar. Goý, bu işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary hemişe belent, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun!
Aýgözel KUTLYÝEWA,
Köneürgenç etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň 
Mejlisiniň deputaty:
— Etrabymyzyň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji bolup,Türkmenistanyň iň gowy etraby diýlip kesgitlenendigi baradaky habar biziň başymyzy göge ýetirip, kalbymyzy joşdurdy. Çünki bu, goýny 360 pirli topragymyza, onuň taryhyna, häzirki döwürdäki bedew batly ösüşlerine, gazanýan netijelerine uly hormat hem-de ýokary baha boldy. 
Ähli halkymyz bilen birlikde, geçen ýyl etrabymyzyň ýaşaýjylary üçin hem örän düşümli, ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Etrabymyzyň çäginde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Biz häzirki wagtda bu ajaýyp şäherçäniň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde özümize şeýle eşretli durmuşyň miýesser bolandygyna örän guwanýarys. Bize şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.