
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa häkimligiň, Daşary işler ministrliginiň welaýatdaky wekilhanasynyň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Dabarada, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, döwletimiziň daşary syýasatyny we daşary ykdysady ugruny durmuşa geçirmekde diplomatiýanyň tutýan ornunyň uludygy, bu şanly senäniň ýurdumyzda giňden dabaralandyrylmagynyň türkmen diplomatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydygy barada buýsanç bilen belledi. Soňra Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, DIM-niň welaýat boýunça wekilhanasynyň 3-nji sekretary Enegül Kakajanowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Hudaýnazar Meredow dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň Garaşsyzlyk döwründe täze derejä göterilendigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň üstünliklerinde türkmen diplomatlarynyň goşandynyň uludygy dogrusynda bellediler. Şeýle hem halkara gatnaşyklary alyp barmakda, döwletleriň arasynda hoşniýetli ylalaşyklaryň gazanylmagy babatda diplomatiýanyň esasy gurallary dogrusynda täsirli söhbet edildi. Türkmen diplomatiýasynyň dabaralandyrylmagy babatda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabaraly maslahatyň dowamynda N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň edebi-sazly çykyşy hem-de welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-sazlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available