«Galkynyş» topary gadymy Uzboýda

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» diýen ajaýyp şygara beslenen 2026njy ýylyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň MonteKarlo şäherinde geçirilen 48nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Bilşimiz ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary özüniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen dünýäde giňden tanalýar. Halkymyzyň atçylyk, seýisçilik sungatynyň täsin syrlaryny özünde jemleýän toparyň agzalarynyň täsirli çykyşlary müňlerçe tomaşaçynyň alkyşyna mynasyp boldy. Geçen ýylyň ýanwar aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň MonteKarlo şäherinde geçirilen 47nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu şanly wakalar toparyň agzalarynyň hasda döredijilikli zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrdy.
Şanly ýylyň ilkinji günlerinde toparyň gazanan ajaýyp ýeňşi gadymy Daşoguz topragynda hem uly toý ruhunda baýram edildi. «Toýnak sesiň toýdabara atmyradyň mekanynda» diýen joşgunly şygara beslenen dabaralar Daşoguz şäherindäki Görogly meýdançasyndan badalga aldy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan aýdymsazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň göwnüni ganatlandyrdy. Ellerinde mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen welaýatymyza gadam basan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny şäherimiziň bagtyýar ýaşaýjylary mähirli mübäreklediler. Andalyp köçesiniň ugry bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara oňa gatnaşanlarda ruhy joşgun döretdi. Dabaranyň dowamynda toparyň agzalary muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Soňra şäheriň görkana binalarynyň deňinden toý şatlygy bilen geçen toparyň agzalary baýramçylyk ýörişi bilen «Türkmeniň ak öýi» binasyna geldiler. Bu ýerde aýdymsazly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Görkana binanyň içinde toparyň agzalaryny welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Soňra bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, seýisçilik sungatynyň gadymy däplerini dikeltmäge aýratyn uly üns berilýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolmagynyň türkmen sirk sungatynyň bütin dünýäde belent ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýändigini bellediler. Dabarada toparyň agzalary hem çykyş edip, gazanylan ajaýyp ýeňiş mynasybetli, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň toparyň agzalary bilen ýörite duşuşyp, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgadyny hemde nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurmagynyň özleri üçin belent mertebe hemde uly hormatdygyny guwanç bilen nygtadylar. Belent ynama ygrarly bolup, geljekdede täsirli sirk çykyşlary bilen ata Watanymyzyň sirk sungatynyň abraýyny dünýä ýaýjakdyklaryny buýsançly bellediler.
Çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmak, olaryň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynyň bezemen sahnasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Täsirli çykyşlar tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna we çäksiz alkyşlaryna mynasyp boldy. Ýaňlanan aýdymsazlar dabara özboluşly manymazmun bagyşlady. Şanly waka mynasybetli, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar merkezinde agzaçar sadakasy berildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
