Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy

Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli, «Bir asyrlyk şöhratly ýol — bu ynsanperwerligiň ýeňşi» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen dabaraly çärede, ilki bilen, bir asyr bäri ynsanperwerligiň, sahawatyň hem-de ýagşylygyň nyşany bolup gelýän TGÝMJ-niň taryhy ýoly, häzirki türkmen jemgyýetindäki orny baradaky wideoroligiň görkezilmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çärede çykyş edenler guramanyň alyp barýan, ynsanperwerlik ýörelgelerine, adam saglygyny goramaga, howply ýagdaýlarda tiz kömek bermäge hem-de jemgyýetde ynsan mertebesini goramaga gönükdirilen giň gerimli işleri barada aýratyn nygtap geçdiler. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
