Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasynda şu ýylyň ýazky ekiş möwsümi üçin tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işleri barha ýokary depgine eýe bolýar. Şu möwsümde bu ýerde tohumlyk çigidiň 2048 tonnasyny öndürmek, pagtaçy daýhanlara bökdençsiz ýetirmek bellenilip, derwaýys çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, her günde 45 — 50 tonna ýokary hilli tohum taýýarlanylýar. Işleriň şeýle göwnejaý alnyp barylmagynda Annageldi Ataýew, Döwlet Haldurdyýew, Geldimyrat Meredow ýaly tejribeli işgärleriň mynasyp paýlary bar. Tohum taýýarlaýjylaryň yhlasly zähmeti öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda berjaý ediljekdigine güwä geçýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
