Baglar — sahawat çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ýyllarynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň çäklerinde ene topraga dürli görnüşli agaç nahallarynyň millionlarça düýbi ekilip, daş-töweregimiziň, tebigatymyzyň has-da gözel, howanyň arassa, ekologiýanyň abadan bolmagyna gönükdirilen giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda 2026-njy ýylda saýaly, miweli, pürli bag nahallarynyň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek baradaky Karar kabul etmegi bu babatdaky toplumlaýyn çärelere badalga berdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, has-da gözelleşdirmek baradaky başlangyçlarynyň häzirki döwürde işjeň dowam etdirilýändigine güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen döwlet derejesinde alnyp barylýan şeýle möhüm işler, belläp geçişimiz ýaly, daşky gurşawyň, tebigatyň gözelleşdirilmegine, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, oňa zeper ýetirýän hadysalaryň öňüniň alynmagyna, geljek nesillere tämiz, arassa ýaşaýşyň, miweli, saýaly baglaryň miras galdyrylmagyna we beýleki ynsanperwer maksatlaryň amala aşyrylmagyna ýol açýar. Bu umumadamzat bähbitli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde öňi bilen dürli görnüşli agaç nahallarynyň ekilmeginiň, kemala getirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda her ýyl uly dabaralar bilen badalga berilýän bag ekmek möwsümleriniň üstünlikli geçirilmegi üpjün edilip, olaryň dowamynda diňe bir bagbanlaryň däl, eýsem, her bir bag janköýeriniň, töweregimiziň, tebigatymyzyň has-da gözel bolmagyna goşant goşmagy maksat edinen watandaşlarymyzyň çeken yhlasly zähmetleri ajaýyp netijeleri berýär. Munuň şeýledigini paýtagtymyz Aşgabatda we onuň töwereklerinde, şonuň ýaly-da welaýatlarymyzyň çäklerinde döredilýän bag-bakjaly meýdanlar, seýilgähler, tokaý zolaklary aýdyň görkezýär.
Elbetde, şeýle haýyr-sahawatly işlere, il-bähbitli tutumlara ýardam bermäge isleg bildirýän, olara agzybirlik bilen gatnaşmaga çalyşýan bagbanlar, beýleki kärlerdäki adamlar, ýokary we orta okuw jaýlarynda bilim alýan, hünär öwrenýän ýaşlar welaýatymyzda-da az däl. Olaryň yhlasy bilen her ýyl şäherlerde, obalarda, edara-kärhanalaryň, okuw jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde, seýilgählerde, hatda medeni zolakdan has uzaklardaky meýdanlarda-da täze baglar, bezemen daragtlar peýda bolar.
Şeýle maksatlardan ugur alnyp, welaýatymyzyň çäklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky bag ekmek möwsümine giňden taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji martynda ýurdumyz boýunça bag ekmek möwsümine badalga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň geçirilmeginiň bellenilmegi hemmeleriň kalbynda uly joşgun döretdi. Häzirki döwürde täze bag dörediljek meýdanlary, ekiljek nahallary taýýarlamak babatda zerur işleriň esasy bölegi talabalaýyk ýerine ýetirildi. Durmuşa geçirilen çäreler welaýatymyzda möhüm möwsüme girişilmegi mynasybetli guralýan toý dabarasynyň şatlyk-şowhuna beslenip, oňa gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende göterjekdigini alamatlandyrýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
