
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

«Dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze tapgyry — ýakyn eýlär köňülleri, kalplary» atly şygar bilen golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň welaýat we şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Allanazar Müňbaýew, bölüm müdiri Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Batyr Çopanow hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy gatnaşyp, berkarar döwletimizde parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýol-ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygy hem-de häzirki wagtda taryhy özgertmeleriň esasynda amala aşyrylýan beýik işler, döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň belent sepgitleri dogrusynda nygtadylar, şu ajaýyp ýylymyzyň turuwbaşdan çuň many-mazmunly dürli medeni çärelerdir dabaralara ulaşýandygy babatda hem uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda halkyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri beýan edildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available