Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Seleksiýanyň innowasion ädimleri

05.05.2026
1
Seleksiýanyň innowasion ädimleri

Endigan gögerip, hatar tutan gowaçalar gözüňi dokundyrýar. Gögeriş alnan gowaçaly meýdanlarda hatarara bejergi, ýekeleme, otag etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. «Adam eli — gyzyl gül» diýlen nakyl ynsan zähmetine berlen ýokary baha bolsa gerek?! Oňa daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen bereketli meýdanlarda emele gelen gowaça hatarlaryna gözüň düşende has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gowaça ekilen meýdanlaryny synlap barşyňa, täsin bir görnüşde has-da gözüň eglenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» bu ýerde täze agrotehniki usulda gowaçanyň täze sortlary ekilýär. Welaýat boýunça şu ýyl 650 gektara Hytaýdan getirilen «Zolotaýa Selina-1565», «Sinsziýan Szinhua-98», «Sinluszao-64», «Szinken-1402», «Sinşi-518», «Hinluzhong—87», «Sinluszao-78» gowaça sortlary ekilýän bolsa, şonuň 450 gektary Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine degişlidir. Hytaý pagta tohumlaryny ekmek üçin şol ýurduň «YTO» kompaniýasynda öndürilen traktorlaryň 12 sanysy satyn alyndy. Şeýle hem, takyk gowaça ekiji tehnikalaryň üsti ýetirildi. Hasyllylygy, ösüşiniň ýokarylygy, gurak howa şertlerine we dürli zyýan berijilere çydamlylygy bilen tapawutlanýan gowaçanyň hytaý sortlarynyň pagta süýümi hem ýokary hillidir. Sinszýan tehnologiýasy esasynda ekilen gowaçalardan endigan gögeriş alynýar. Öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýa esasynda, takyk ekilen gowaçalaryň üsti polietilen bilen örtülýär. Şol bir wagtyň özünde damjalaýyn suwaryş ulgamynyň suw geçirijileri hem çekilýär. «Suw damjasy — altyn dänesi» diýlişi ýaly, ekerançylykda suwuň her bir damjasyny yrýa etmezlige çalyşýarlar. Muňa häzirki wagtda has hem uly üns berilýär. Gowaçalaryň damjalaýyn usulda suwarylmagy bilen, suwuň artykmaç sarp edilmeginiň öňi alynýar. Ekilen pagta tohumlarynyň hatarynyň üstüniň polietilen bilen örtülmegi topragyň çyglylygynyň kadaly saklanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle usulda howanyň ýaramaz täsirinden hem-de zyýankeşlerden belli bir derejede goralan gowaça gämikleri çalt ösýär, hapa-haşal otlaryň ösmeginiň, örjemeginiň bolsa öňi alynýar. 
Şu ýyl bu paýdarlar jemgyýetinde hasyllylygy bilen tapawutlanýan «Horezm-127» gowaça sorty hem ekilýär. Özbegistan Respublikasyndan getirilen bu gowaça sorty ýurdumyzyñ toprak-howa şertlerine laýyk gelip, häzirki wagtda 2 müň gektar meýdana ekmek meýilleşdirildi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.