Zemine zynatdyr zenanlar

Şeýle şygar bilen «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Daşoguz şäher häkimligi hem-de TZB-niň şäher bölümi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatda Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary, TZB-niň şäher bölüminiň başlygy Almagül Nazarowa, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Gunça Artykowa, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Aýbölek Muhadowa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň hünärmeni, şäher zenanlar bölüminiň kätibi Jennet Gulmyradowa dagy çykyş edip, bedew bady bilen belent sepgitlere barýan berkarar döwletimizde zenanlaryň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda uly buýsanç bilen aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlaryň bagtyýar ýaşamagy, ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, zähmet çekmegi, ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşmagy üçin döredip berýän ajaýyp şertleri barada gürrüň edildi. Şeýle aladalara halal hem tutanýerli zähmet bilen jogap bermäge çalyşmakda, maksatlaryň myrat tapýan döwründe beýik ösüşleriň hatyrasyna gönükdirilen belent tutumlara işjeň goşulyşmakda zenanlaryň öňünde durýan borçlar dogrusynda durlup geçildi. Zyba işleri bilen zemine zynat berýän bagtyýar zenanlaryň abadan durmuşy we bagtly ýaşaýşy üçin yzygider alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
