Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ýüpek gurçuklary talabalaýyk idedilýär

07.05.2026
1
Ýüpek gurçuklary talabalaýyk idedilýär

Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmaklyga uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen Boldumsaz etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň pileçilik möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar. Şu ýyl etrap boýunça 17 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda etrapda bu möwsümleýin işe isleg bildiren ýüpekçi kärendeçileriň 293-si yhlasly zähmet çekýär. Daýhan birleşikleriniň tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Saparmyrat Jepbarowy, Gözel Uzakowany, Tirkeş Nurgeldiýewi, Gülruh Sapaýewany görkezmek bolar. Ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýan bu kärendeçiler gurçuklary wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda, arassa saklamak ýaly zerur çärelere aýratyn üns berýärler.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.