Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Merdanalygyň belent mekdebi

08.05.2026
1
Merdanalygyň belent mekdebi

1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş diňe bir harby ýeňiş däl, eýsem adamzat mertebesiniň we agzybirliginiň dabaralanmasydyr. Türkmenistanlylaryň bu gazanylan ýeňşe goşandy barada sanlar we faktlar:

300 müňden gowrak türkmenistanly bu urşa gatnaşdy. Tylda zähmet çekenler we söweşe gatnaşan esgerleriň ýanýoldaşlary fronty azyk we egin-eşik bilen üpjün etmäge uly goşant goşdular. Türkmen zenanlary goranyş gaznasyna 7,5 tonna golaý gyzyl şaý-seplerini tabşyrdylar. Türkmenistanly gerçekleriň ýüzlerçesi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp boldular. 15 sany türkmenistanly esger doly derejeli «Şöhrat» ordenine mynasyp boldy. Bu sylag harby derejesi boýunça Gahryman adyna deň hasaplanýar. Ady taryha giren ildeşlerimizden bu ady ilkinji bolup alanlaryň biri Gurban Durdy — ol Prut derýasynyň boýunda bolan aýgytly söweşlerde görkezen gahrymançylygy üçin, Annagylyç Ataýew — 112-nji başgyrt atly diwiziýasynda görkezen deňsiz-taýsyz edermenligi üçin, Saparmät Hojaýew — Dnepr derýasyndan geçmek ugrundaky söweşde görkezen batyrlygy üçin, Mülkaman Amanow — söweş meýdanynda mergenligi we batyrlygy üçin. 78 müňden gowrak türkmenistanly esgerler uruş ýyllarynda ordenler we medallar bilen sylaglanyldy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.