Halklaryň dostlugynyň nyşany

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat uly topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. 8-nji maýda Daşkent şäherindäki «Yangi Toshkent Conference Hall» merkezinde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň dowamynda ahalteke atlarynyň geçen şöhratly ýoly barada gyzykly çykyşlar diňlenildi. Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet atçylyk we sirk sungaty edaralarynyň, ugurdaş okuw, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara duşuşyklary geçirildi.
***
9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi. Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary guraldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Özbegistanyň Energetika ministrliginiň baýraklaryny almak ugrunda ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gadymydag atly bedew pellehanadan ikinji, şol toplumyň Gazaply diýen bedewi bolsa üçünji bolup geçdi. Dört we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at bolsa pellehanadan ikinji bolup geçdi. Dört we uly ýaşar atlaryň arasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada diýen aty pellehanadan ikinji bolup geçdi. Uly şatlyk-şowhun bilen ýeňiji bolan çapyksuwarlara we seýislere kuboklar, Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ajaýyp ýeňşi bilen behişdi türkmen bedewleriniň şöhratyny dowamata ataran Dowamat atly bedewiň ezber çapyksuwaryna we seýsine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kuboklar, Hormat hatlary gowşuryldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
