Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Halyçylar bäsleşdiler

13.05.2026
1
Halyçylar bäsleşdiler

Golaýda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň TZB-niň Merkezi geňeşi hem-de TKA-nyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, birleşigiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän, ökde halyçy gelin-gyzlaryň arasynda türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, halyçy zenanlaryň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, ýaş nesillerde haly sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksadynda yglan eden «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ugurdaş kärhanalarynyň çeper elli halyçylarynyň birtopary gatnaşdy. Bu tapgyrda halyçy gelin-gyzlar bäsleşigiň «Syrlardan dokalan nepislik», «El bilen döredilen gudrat», «Zenan kalbynyň joşguny» diýen ugurlarynda bellenen şertlere laýyklykda, haly we haly önümleriniň sergisini guramak, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew» atly kitaplary bilen baglanyşyklylykda, halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, bedew atlarymyza, ajaýyp däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini wasp etmek, haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manysy, tebigy reňkleriň, ýüplükleriň taýýarlanylyşy hakynda gürrüň bermek, rowaýatlary, yrymlary, gazallary çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirmek boýunça öz ukyplaryny görkezmäge çalyşdylar. Olaryň çykyşlaryna eminler topary mynasyp baha berdi. Eminleriň gelen netijesine görä, bäsleşikde 1-nji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrap haly önümhanasynyň halyçylary Gülbahar Ilmedowadan, Oguljan Garlyýewadan, 2-nji orna Boldumsaz etrap haly önümhanasynyň halyçylary Sapargül Sapargylyjowadan, Merjen Toýlyýewadan, 3-nji orna bolsa Garaşsyzlyk etrap haly önümhanasynyň halyçylary Ogulboldy Tekäýewadan, Güljemal Nurjanowadan ybarat toparlaryň mynasyp bolandygy yglan edildi. Üstün çykan halyçylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy, iň ýokary orny eýelän topar bäsleşigiň ýakynda Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.