Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Tehnikalar möwsüme taýýarlanylýar

14.05.2026
1
Tehnikalar möwsüme taýýarlanylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek baradaky derwaýys tabşyryklaryndan ugur alýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary, degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Şeýlelikde, olar meýdanlardaky ekinlere göwnejaý ideg etmek, galla oragynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalary abatlamak işlerini ýokary hilli ýerine ýetirýärler.
Belli bolşy ýaly, golaý gelen möwsümde welaýatymyz boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde galla oragyna gatnaşdyryljak kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Şuny nazara almak bilen, welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalarynda alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Şabat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alyp barýan işlerini nygtamak zerur. Olar şu günler kombaýnlary, beýleki tehnikalary gözden geçirmegi, abatlamagy ahyrky tapgyrda dowam etdirýärler.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.