
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Golaýda welaýatymyzň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biz Oguz han nesli» diýen at bilen sportuň 100 m aralyga ylgamak, 4x100 m aralyga estafeta ylgawy, ýaglyga towusmak, turnikde özüňi çekmek, tanap çekmek görnüşleri boýunça welaýat birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ony welaýat häkimligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda ýokary derejede geçirilen ýaryşa Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Gubadag, Şabat, Köneürgenç, Garaşsyzlyk etraplaryndan we Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşyp, oýunlar diýseň gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryşda öz garşydaşlaryny utmak bilen, iň köp utuk toplan Daşoguz şäheriniň mekdep okuwçylaryna taý gelen bolmady. Olar birinji orny eýeläp, sport bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Ikinji orny utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy we Garaşsyzlyk etraplarynyň okuwçylar topary, üçünji orny bolsa Köneürgenç etrabynyň topary eýeledi. Ýaryşyň ýeňijileri «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available