
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 15-nji Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport eýwanynda ýokary derejede geçirilen bu dabarany Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasy jemgyýetçilik birleşigi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Oňa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan Spartakiadanyň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Dabarada iň köp — 500 utuk bilen Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçy oglan-gyzlar toparynyň birinji orny eýeländigi yglan edildi. Ikinji orny 385 utuk bilen Daşoguz welaýatynyň, üçünji orny bolsa 360 utuk bilen Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň eýeländigi bellenildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýörite baýragy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň sowgatlary, Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary we medallary bilen sylaglanyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available