
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda hereket edýän halk teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar özleriniň taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň halk teatry «Ussanyň ak patasy», Gubadag etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň başdan geçirmeleri», Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Sallahlar hüjüme geçýär», Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Saňa ýalan, maňa çyn», Şabat etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Söýgi duralgasy», Görogly etrap medeniýet bölüminiň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatry «Şadyýan wäşiler», Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň şorta sözleri», Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Was-wasy» ýaly sahna oýunlary bilen çykyş edip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýerine ýetirilen oýunlaryň sahna bezegleri onuň mazmunyny we gahrymanlaryň duýgularyny şöhlelendirmekde aýratyn häsiýete eýe boldy. Şunlukda, eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Hümmedow baş baýraga mynasyp boldy. Görogly etrabynyň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatrynyň režissýory Täzegül Täçbabaýewa birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Meretguly Amangeldiýew ikinji, Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Myrat Gurbannyýazow üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available