Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Hasabat konserti

21.05.2026
1
Hasabat konserti

Welaýat çagalar sungat mekdebinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň şu okuw ýyly boýunça hasabat konserti geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Konsertde birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Mekdebiň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Ýaşa Arkadagly Gahryman Serdar», «Mukam» dutarçylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Sataşdym» atly türkmen halk sazy, mekdebiň talyby Çeper Myratgulyýewanyň ýerine ýetiren «Hajygolak» diýen türkmen halk aýdymy, «Güneş» üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetiren «Elwan güller», mekdebiň «Köneürgenç» hor toparynyň ýerine ýetiren «Gözel şäher Arkadag» ýaly çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabaranyň dowamynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýmakda taýsyz tagallalar, bimöçber aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çyn köňüllerden joşup çykýan alkyş sözleri beýan edildi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.