Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ak piläniň akymy

22.05.2026
1
Ak piläniň akymy

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer pileçileriniň şu möwsümde-de bu babatda öňe saýlanýandyklary örän guwandyryjydyr. Çünki olar şu günlerde ýetişdirilen hasyly döwlet harmanyna goşmakda görelde alarlyk işleri amala aşyrýarlar. Paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminiň müdiri Röwşenaý Hojaýewanyň aýtmagyna görä, hojalygyň 826 sany pileçi kärendeçisi şu möwsümde jemi 1315 guty ýaş gurçuklary idetmeklige alyp, olara göwnejaý hyzmat etmeklige ähli gujur-gaýratlaryny gönükdiripdirler. Şeýlelikde, olaryň garamagyndaky ýüpek gurçuklarynyň kadaly ösüşi gazanylypdyr. Bu bolsa olaryň ýokary hilli pile hasylyny kemala getirmeklerini üpjün edipdir. Munuň şeýle bolmagynda bu hojalykda ýüpek gurçuklarynyň tohumlaryny örüzip, ýaş gurçuklary taýýarlamakdan başlap, olaryň tut ýapraklary bilen ýeterlik üpjün edilmegine çenli pileçi kärendeçilere döredilýän şertleriň ähmiýeti hem örän uludyr. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, paýdarlar jemgyýetinde ýylyň-ýylyna Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyrmakda ýetilýän belent sepgitlere öz ýadawsyz zähmetleri bilen mynasyp goşant goşýan tejribeli kärendeçileriň köp sanlysy agzybirlikli iş alyp barýarlar. Olaryň onlarçasynyň häzirki möwsümde hem öz meýilnamalaryny şu wagta çenli artygy bilen berjaý edendiklerini aýtmak zerur bolup durýar. Şeýle göreldeli pileçi kärendeçileriň hatarynda paýdarlar jemgyýetiniň kabul ediş bölümine her biri 110 — 150 kilogramdan agdyryp pile getiren Fahreddin Meňliýewiň, Roza Mätýakubowanyň, Inabat Kozyýewanyň, Dilber Atajanowanyň, Rozygül Täjimuradowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerlikli bolar. Sebäbi olaryň harmana tabşyran pile hasylynyň mukdarynyň bereketli bolandygy bilen birlikde, hiliniň hem ýokarydygyny aýtdylar. Munuň özi bu başarjaň pileçi kärendeçileriň uly iş tejribesine eýedikleriniň alamatydyr. Bu ýerde hojalygyň öňdebaryjy pileçi kärendeçisi Nasibe Abdullaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda ol şu möwsümde öz maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryny idetmekde gaýratly zähmet çekendiklerini, şonuň netijesinde tabşyran pile hasylynyň 290 kilograma barabar bolandygyny aýtdy. Elbetde, bu onuň bellenen meýilnamany ilkinjileriň biri bolup, abraý bilen ýerine ýetirendigini aňladýar. 
Paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminde şaýat bolşumyz ýaly, bu ýere ýetişdiren pile hasylyny tabşyrýan pileçi kärendeçileriň yzy üzülenok. Olaryň her biriniň şu pursatlarda öz yhlasly zähmetleriniň berýän netijesine guwanjynyň çäksizdigini-de aňmak kyn däl. Ýylyň başynda hojalyk boýunça şu möwsümde jemi 48 tonna ýokary hilli piläni Watan harmanyna goşmak meýilleşdirilipdir. Ýöne, belläp geçişimiz ýaly, şu günlerde kabul ediş bölümine tabşyrylýan pile hasylynyň möçberleri netijäniň möwsümiň ahyryna çenli bu sepgitden has ýokary boljakdygyny doly tassyklaýar. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.