
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Berkarar döwletimizde bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri degre-daşymyzy gurşap alýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, sapaly dynç almagy üçin hem uly alada edilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, biziň welaýatymyzda-da çagalary sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugradyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomus paslyny mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi Awazanyň «Daşoguz» sagaldyş-dynç alyş merkezinde, welaýatymyzda ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde şatlyk-şowhunly, sapaly geçirerler. Bagtyýar çagalaryň ençemesi Gökderede dynç alarlar. Welaýat kitaphanasynyň öňünde welaýat häkimliginiň, Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda ilkinji tapgyrda dynç alşa gidýän çagalary ugradyş dabarasy boldy. Bagtyýar çagalar kitaphananyň bölümlerine aýlanyp, ajaýyp eserler bilen tanyşdylar. Olar kitaphananyň obserwatoriýasyna hem aýlanyp gördüler. Soňra dynç alşa ugraýan bagtyýar çagalar joşgunly aýdym-sazyň astynda dürli şarlar, owadan suratlar bilen ýörite bezelen awtobuslara münüp ýola düşdüler. Olar ýolboýy şäherimiziň görküne görk goşup oturan döwrebap binalary synladylar. Bagtyýar çagalar Daşoguz atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde milli buýsanjymyz bolan bedew atlarymyzy hem-de ýaşajyk taýçanagy uly höwes bilen synladylar. Soňra bagtyýar çagalaryň ençemesi Daşoguz halkara howa menzilinden uçarda Awazadaky, Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine, bir topary bolsa welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ugradylar. «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine gelen körpeler merkeziň mugallymlary we terbiýeçileri tarapyndan güler ýüz bilen garşylanyldy. Göwün göteriji aýdym-sazyň owazy bilen çagalar merkeziň ähli amatlyklary bolan tämiz otaglaryna ýerleşdiler. Merkeziň aýdym-saz, kompýuter otaglary, sport meýdançalary, suwa düşülýän howuzlary çagalaryň hyzmatynda bolar. Bu ýerde çagalaryň gatnaşmagynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi geçiriler. Olar taryhy ýerlere, tebigatyň gözel künjeklerine gezelençler gurap, wagtlaryny şadyýan, baý many-mazmunly geçirerler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available