Ýagşylyk ýörelgesi

Ata-babalarymyzdan miras galan «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler», «Ýagşylyk ýerde ýatmaz», «Ýagşylyk et, alkyş al!» diýen ündewler ýagşylyk edip ýaşamak hakyndaky nusgalyk ýol-ýörelgedir. Ýagşylyk etmek munuň özi kömege mätäç adamlara ýardam bermekdir. Şeýle mukaddes düşünjäniň gadyr-gymmaty Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda täsirli wakalar arkaly beýan edilýär. Romanda beýan edilişi ýaly, Anna aga bütin ömrüni iline-gününe ýagşylyk etmäge bagyşlan ynsan. Ol kynçylykly döwürde çagalara bilim bermek, sowat öwretmek ýaly juda sogaply işe ömrüni bagyşlaýar. Şol döwürde öz hasabyna «Meýletin mekdep» gurup, onda obanyň diňe çagalaryny däl, sowat öwrenmek isleýän uly adamlary-da okatmak bilen, uly sogap gazanýar. Ýagşylyk ýatdan çykmaýar. Muňa romandaky bir wakanyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Sekiz ýaşlyja Berdimuhamedi enesi Hesel eje Hojaahmet mollanyňka eltip: «Agtygyma sowat öwret, bizden hem gaýdar» diýende, Hojaahmet mollanyň aýdan sözleri-de ýagşylygyň ýerde ýatmaýandygyny, mümkinçilik bolan pursadynda gaýtarylýandygyny görkezýär. Molla: «Gaýtarmaly tarap bizdiris, ene. Men medresä okuwa gitmezden öň Anna aganyň «Meýletin mekdebine» gatnapdym. Indi gezek bize geldi. Enşalla, bergi-borjumyzy gaýtarmak bize-de nesip eder» diýmek bilen, özüne edilen ýagşylygy ýerine salmagyň nesip edendigine-de begenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» diýen ajaýyp romany-da durşuna milliligimize ýugrulan terbiýeçilik mekdebidir. Biz muňa kitapda gozgalýan ähli temalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Çünki olaryň haýsy birine salgylansaň, halkymyzyň milli edep gymmatlyklarynyň, parasada ýugrulan edim-gylymlarynyň gadyryny duýýarsyň. Kitapda yzygiderli gabat gelinýän ýagşylyk etmek, ýagşy adam bolmak sypatlary baradaky wakalar hem onuň terbiýeçilik mekdebidigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
