Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Döredijilik ýoly bilen sungat baýramyna tarap

03.06.2026
1
Döredijilik ýoly bilen sungat baýramyna tarap

Ýurdumyzyň medeni durmuşynda öçmejek yz galdyrjak, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrjak we milli mirasymyzy dabaralandyrjak Medeniýet hepdeligi tizara Balkan welaýatynda badalga alar. Her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda geçirilýän bu medeni çäre diňe bir medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy bolman, eýsem, tutuş halkymyzyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan hakyky sungat baýramyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň geçirilmeginiň esasy maksady halkymyzyň asyrlarboýy dowam etdirip gelen gadymy däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmekdir. Bu gezekki medeni çäreleriň çäginde hem birnäçe täze taslamalar, sergiler, döredijilik duşuşyklary meýilleşdirilýär. Adat bolşy ýaly, hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň meşhur, öňdebaryjy teatrlary tarapyndan taýýarlanylan taryhy we döwrebap pýesalar,  operalar, türkmen halylarynyň, şaý-sepleriniň milli lybaslarynyň, nakgaşçylyk eserleriniň iň seýrek nusgalary görkeziler. Hepdeligiň çäginde guraljak sergilerde halkymyzyň köpöwüşginli amaly-haşam sungatyna, aýratyn-da, türkmen zergärleriniň hünärli gollaryndan çykan gupba, kökenli ýüzük, tumardyr gülýaka ýaly nepis gyzyldyr kümüş şaý-seplerine uly orun berler. Şeýle hem nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge we dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny türkmen diline terjime etmek we tanyşdyrmak işlerine bagyşlanan edebi duşuşyklar bu medeni çäräniň gadyr-gymmatyny artdyrar. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirmeginde gadymy dessanlar we şirin owazly aýdymlar ýaňlansa, türkmen kinematografiýaçylarynyň täze taryhy we çeper filmleri köpçülige hödürlener. Bu medeni çäre diňe bir tejribeli sungat ussatlarynyň däl, eýsem, ýaş zehinleriň hem öz ukybyny, başarnyklaryny görkezmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Hepdeligiň çäginde geçiriljek döredijilik bäsleşikleri we maslahatlar ýaşlaryň sungat älemine ynamly ädim ätmegine itergi berer. Ýurdumyzda geçiriljek bu gezekki Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň agzybirligini, sungata bolan çäksiz söýgüsini bütin dünýä aýan eder. Tizara badalga aljak bu dabaralar şatlyk-şowhuna, täze açyşlara, unudylmajak pursatlara baý bolar. Ildeşlerimiz bu taryhy günlerde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarydyr sungat ussatlarynyň döreden täze eserlerine, ylham joşgunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şöhratly taryhymyz bilen şu günümiziň arasyndaky ruhy baglanyşygy alamatlandyrýan Medeniýet hepdeligi täze döredijilik üstünliklerine we belent sepgitlere ruhlandyrar. Mahlasy, bu hepdelik her birimiziň kalbymyzda milli mirasymyza, medeniýetmize, sungatymyza bolan söýgini we guwanç-buýsanjy has-da köretjek hakyky galkynyş baýramy bolar. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.