Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary

04.06.2026
1
Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik ençeme ýaş, zehinli bagşy-sazandalaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagynda hem-de sungat äleminde kämilleşmeginde örän ähmiýetlidir. Bu bäsleşigiň esasy maksady milli aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz galdyran ussat halypa bagşy-sazandalaryň sünnäläp, kämillik derejesine ýetiren milli mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden we dünýä ýüzüne ýaýmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň welaýatyň etrapdyr şäherlerinde geçen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar ata-baba miras galan ajaýyp mukamlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň dutarda saz çalyş we bagşyçylyk ussatlygyna, ukyp-başarnygyna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna adalatly baha berdiler. Netijede, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen üstünlikli çykyş eden Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary Sahy Täçmedow bilen Nurana Arazgeldiýewa dagy dutarda saz çalmak ugry boýunça, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Perman Gurbanow hem-de Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy Aýperi Artykowa dagy bagşyçylyk ugry boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edilip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan zehinli bagşy-sazandalara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.