Welaýatymyzyň pileçileriniň zähmet üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dokma senagaty üçin möhüm çig mal hasaplanylýan ak piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň ussat pileçi kärendeçileri uly zähmet üstünligini gazandylar. Has anygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde olar jemi 13691 guty ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edip, ýokary hilli piläniň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, ony ýitgisiz ýygnamagyň hem-de 502,5 tonna piläni döwlet harmanyna goşmagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi zähmetsöýer pileçi kärendeçilerimiziň şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aňladýar. Gazanylan bu guwandyryjy üstünlikde welaýatymyzyň Şabat, Garaşsyzlyk, Akdepe, Gubadag we beýleki etraplarynyň pileçi kärendeçileriniň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýtmak zerurdyr. Şonuň bilen birlikde-de, tejribeli pileçileriň ýüzlerçesi pile öndürmek baradaky meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda amal edip, başarjaňlyklaryny görkezdiler.
— Biz şu möwsümde maşgala agzalarymyz bolup 3 guty ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen, olaryň kadaly ösmegini, pile saramagyny gazandyk. Şonuň netijesinde 156 kilogram oňat hilli piläni döwlet harmanyna tabşyryp guwandyryjy üstünlige eýe bolduk — diýip, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky daýhan birleşiginiň öňdebaryjy pileçi kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Roza Matýakubowa gürrüň berdi. Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginden Jeren Muhammedowa, şu etrabyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginden Ogulnyýaz Hojamedowa, Garaşsyzlyk etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginden Nazaket Rozybaýewa we beýlekiler hem ak piläniň uly möçberlerini ýygnap, bu baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edendiklerini aýtdylar. Şeýle ezber pileçileriň sanawyny ýene-de uzaltmak mümkin. Şeýlelikde, welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmeginde möhüm ähmiýeti bolan belent sepgidi eýeläp, uly abraý gazandylar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
