Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ösüşlere beslenýän döwür

08.06.2026
1
Ösüşlere  beslenýän döwür

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Bu barada aýdanymyzda, ilki bilen, milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, gazanylýan üstünlikleriň oýlanyşykly we beýik işleriň netijesidigini bellemek gerek. Döwletiň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy, ulgamda ýokary tehnologiýalaryň, sanlylaşdyrmanyň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine, umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmaga güýçli itergi berýär. Ata Watanymyz milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän öňdengörüjilikli syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» esaslanylyp taýýarlanan resminama syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça utgaşykly işleri alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldilýär. Garaşsyzlygyň ýyllary içinde emele gelen döwletlilik tejribesi, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem-de toplumlaýyn özgertmeler häzirki döwrüň ösüş binýadyny düzýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda Türkmenistan bedew bady bilen asyrlara barabar menzilleri aşdy, halkymyz asyrlarboýy ýüreginde göteren maksat-myradyna gowuşdy. Häzirki şanly ýylyň arzyly sepgitlerinde bagtyýar durmuşymyzyň aýdyň gözýetimi, röwşen geljegimiz görünýär. Şeýlelikde, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda her bir tutumly iş rowaçlyga beslenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew batly ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny beýgeltmek, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.