Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet

09.06.2026
1
Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet

     «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişi möwsümini talabalaýyk geçirmek bilen, kadaly gögeriş gazanan welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary häzirki günlerde ekinlere ideg etmek boýunça derwaýys çäreleri ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şeýlelikde, giň meýdanlarda öz wagtynda ýekelenilip, haşal otlardan arassalanylyp, hatar arasy ýumşadylyp, goşmaça iýmitlendirilýän gowaçalar günsaýyn ösýär.

Munuň şeýledigini Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndaky görnüşler hem tassyklaýar. Çünki bu ýerde hem kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň ýadawsyz zähmetleri bilen gurşalyp, idegi ýetirilýän gowaçalar aýratyn ünsi çekýär. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Begmyrat Satymowyň aýtmagyna görä, hojalykda bellenilen möhletlerde ekiş geçirilen 1400 gektar meýdanda gowaçadan oňat gögeriş alnypdyr. Şeýle netijäniň ekiş möwsümine has öňünden, ýokary derejede taýýarlyk görlüp, ýerleriň görkezmelere laýyk sürlüp-tekizlenilmegi, olara gyş suwunyň kadaly berilmegi, soňra bolsa birkemsiz taba gelen meýdanlara öz wagtynda tohum taşlanylmagy bilen üpjün edilendigini bellemek gerek. Gowaça ekişinde daýhan birleşiginiň öňdebaryjy kärendeçilerinden Orazgül Saparowa, Serdar Allabergenow, Suhanberdi Allaýew, Merdan Jumanow, ezber mehanizatorlardan Rüstem Ataşow, Halnazar Owlakow, Durdymyrat Dokbaýew we beýlekiler aýratyn tapawutlanypdyrlar.
Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň ähli gowaça meýdanlaryna gözegçilik edýän 400-e golaý pagtaçy kärendeçileri, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, häzirki günlerde gowaça bejergisini öndürijilikli dowam etdirýärler. Şonuň netijesinde-de şol ýerlerde gowaçalaryň boýy hakykatdan hem gününi sanap belende göterilýär.
— Birleşigimiziň ähli kärendeçiler toparlarynda-da gowaça bejergisi oňat depginler bilen barýar — diýip, baş agronom aýtdy: — Bu babatda Bekmyrat Gurtgeldiýew, Ýagmyr Meredow, Merdan Gazakow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2,5,6-njy kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has hem tapawutlanýandyklaryny belläp geçmek ýerlikli bolar. Çünki olaryň yhlasy bilen gowaçalara ideg etmekdäki her bir zerur çärä öz wagtynda girişilip, onuň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi gazanylýar. Soňra bize ýokarda ady agzalan, Merdan Gazakowyň ýolbaşçylygyndaky 6-njy kärendeçiler toparynyň çägindäki gowaça meýdanlaryny has-da ýakyndan synlamak miýesser boldy. Şonda topar ýolbaşçysy şu ýyl ähli agzalar bolup jemi 60 gektara gowaça ekendiklerini, olarda hatasyz gögeriş alynmagynyň kärendeçi daýhanlaryň ruhuny has hem belende göterendigini, munuň gowaça bejergisine köpçülikleýin girişip, onuň depginini bada-bat artdyrmaga mümkinçilik berendigini belledi. Bu barada aýdylanda,şu toparyň zähmetsöýer agzalaryndan Serdar Durmedowyň 4, Esengeldi Orazowyň 2, Mährijemal Amanowanyň 2 gektar kärende meýdanlarynda gowaçalara has oňat ideg edilýändiginiň daşyndan hem anyk görnüp durandygyny aýdyp geçmek zerurdyr. Çünki olardaky ýaşyl öwsüp oturan gowaçalar sözüň doly manysynda gözüňi dokundyrýar. Elbetde, toparyň agzalarynyň gowaçalarynyň şeýle ösüş depginine eýe bolmagyna bu ýerde hatarara bejergi işlerini geçirýän mehanizatorlar Batyr Aşyrowyň, Bäşim Saparowyň hem uly goşant goşýandyklaryny gürrüňdeşimiz sözüniň dowamynda uly guwanç bilen belledi. Çünki şeýle möhüm ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan bu mehanizatorlar diňe bir iş möçberine däl-de, onuň hiline hem aýratyn üns bermek bilen, kärendeçi daýhanlaryň hoşallygyna mynasyp bolýarlar. Elbetde, häzirki döwürde berjaý edilýän her bir çäräniň gowaçalaryň bereketli hasylynyň kemala getirilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyna bu daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarydyr mehanizatorlary hem özleriniň köp ýyllyk iş tejribelerinden anyk göz ýetiren adamlar. Şoňa görä-de, olar şeýle jogapkärli günleriň gymmatly pursatlaryndan önjeýli peýdalanmaklyga çalşyp, ekinlere ideg etmek boýunça ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelýärler. Bu bolsa güýz paslynda zähmetsöýer babadaýhanlaryň harmanlarynyň belent boljakdygyna ynam döredýär.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.