Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Sanly we innowasion geljege ädim

10.06.2026
1
Sanly we innowasion geljege ädim

Ylym we bilim islendik döwletiň kuwwatynyň artmagyny, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini üpjün edýän esasy güýçdür. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda ylymlar gününiň giňden bellenilmegi ýurdumyzyň ylmy-intellektual mümkinçilikleriniň dabaralanýan, alymlarymyzyň we ylym hünärmenlerimiziň bitirýän hyzmatlaryna goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ylmyň iň soňky gazananlaryna, innowasiýalara we sanly tehnologiýalara daýanyp, ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-tehnologik merkezlerinde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin möhüm ähmiýetli ylmy barlaglar yzygiderli alnyp barylýar. Şunlukda, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, himiýa we biotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, milli mirasymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmek ýaly ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar. Biziň sebitimizde hem oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, sebitiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça ýerli alymlaryň hem-de hünärmenleriň alyp barýan işleri guwandyrýar. Ýaş nesliň ylma bolan höwesini artdyrmakda bu gazanylan netijeler uly göreldedir. Sebitimizde bitirilýän işlere göz aýlanymyzda, aýratyn-da, TOHI-niň alymlarynyň, mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işlerini bellemek gerek. Sebitiň toprak, howa şertlerine uýgunlaşan ekinleriň täze görnüşlerini synagdan geçirmek, şorlaşan ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologik durnuklylygy saklamak boýunça amaly maslahatlar önümçilige ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmyň durmuş we amalyýet bilen berk baglanyşygynyň bardygyny görkezýär. Halkymyz taryhda ylma, pähim-paýhasa uly sarpa goýupdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Muhammet al-Faraby, Muhammet al-Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan al-Biruni, Omar Haýýam ýaly ylym ägirtleri öz ylmy we edebi mirasy bilen dünýä medeniýetine we ylmyna ägirt uly goşant goşupdyrlar. Ylym diňe bir tehnologik ösüş bolman, eýsem, milli medeniýetiň, taryhyň we ruhy gymmatlyklaryň hem düýbüni tutýan sarsmaz binýatdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamy dolulygyna döwrebaplaşdyrylýar. Ýaşlara dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaga ähli şertler döredilýär, olaryň ylmy açyşlaryna goldaw berilýär. Döwlet tarapyndan ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy bäsleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasyndaky yglan edilýän ylmy işleriň bäsleşigi täze zehinleri ýüze çykarýar. Ýaş alymlaryň hödürleýän IT-programmalary, gurluşyk dizaýnlary we nanotehnologiýa degişli taslamalary diňe bir nazary bilim bolup galman, eýsem, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini gurmaga goşulýan uly goşantdyr.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.