Daşoguz+22°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Bereket-bolçulygyň buşlukçysy altyn däneler

11.06.2026
1
Bereket-bolçulygyň buşlukçysy altyn däneler

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda galla oragyna girişildi
Hormatly Prezidentimiz 22-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Garaşsyz ýurdumyzda şu ýyl bugdaýyň saldamly hasylynyň kemala getirilendigini aýdyp, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap almaklyga biziň welaýatymyzda 10-njy iýunda girişmeklige ak pata berdi. Şondan ugur alnyp, bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen möhüm çärelere ykjam taýýarlyk görüldi. Diňe bir gallaçylarymyzyň däl, eýsem, welaýatymyzyň durmuşyndaky uly waka mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda geňeş-maslahat guralyp, oňa döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ýaşuly hem-de ýaş nesliň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda welaýatymyzyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda zähmetsöýer gallaçylarymyzyň bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belledi we onuň oragyna girişmäge beren ak patasy, gallaçy daýhanlara edýän çäksiz goldawy, döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdy. Maslahatda edilen çykyşlardan görnüşi ýaly, şu möwsümde welaýatymyz boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek wezipesi öňde goýlup, onuň bellenilen möhletlerde doly ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Şonda welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň hasabyndaky kombaýnlar, ýangyç guýujy ulaglar we beýleki tehnikalar bir hatar gözden geçirilip, möwsüme doly taýýar edildi. Şeýlelikde, şu möwsümde kombaýnlaryň 339-synyň, ýangyç guýujy ulaglaryň 86 sanysynyň güýjünden peýdalanylar. Ýeri gelende bellesek, şol kombaýnlaryň 20-si, ulaglaryň 10-sy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şu möwsümiň öňüsyrasynda bu birleşige gelip gowşan tehnikalardyr. Mundan başga-da, iş üstünde tehniki hyzmat etmek, ýygnalan hasyly harmana daşamak üçin ýörite ulaglar hem taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň, il sylagly ýaşulularyň bir topary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, galla önümleri kärhanasynda, Türkmen oba hojalyk institutynda şu waka bilen baglanyşykly guralan çärelere gatnaşyp, halkymyzyň taryhyna degişli tapyndylara syn etdiler, galla önümleriniň öndürilişi, talyplaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilen şertler bilen tanyş boldular.
Bugdaý oragy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli welaýat derejesindäki toý çäresi Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda geçirildi. Şol pursatda birleşigiň ezber kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Gurbangeldi Jepbarowyň garamagyndaky 14 gektardan ybarat bu meýdan ajaýyp baýramçylyk görnüşleri bilen bezelip, onuň çäklerinde ýakymly wakalar, şirin aýdym-sazlar, çalasyn tanslar ir ertirden uly joşgun aldy. Meýdanyň bir çetinde gurlan belent sahna, ak öýler, olaryň öňünde giň ýaýbaňlandyrylan milli gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň gadymy oba hojalyk gurallarynyň, häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň  sergileri, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary öndürijilikli kombaýnlarynyň, galla daşamaga niýetlenilen ulaglaryň, beýleki derwaýys tehnikalaryň uzyn hatary toý dabarasyna özboluşly öwüşgin berip, her bir adamda guwanç-buýsanç duýgusyny döretdi, welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylarynyň çykyşlary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, ata Watanymyzyň, päk zähmetiň waspy bolup, hemmelere çäksiz şatlyk paýlady. Garaşylan pursadyň gelmegi bilen, başlanýan bugdaý oragy möwsüminiň üstünliklere beslenmegi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagy baradaky ýagşy arzuw-dilegler edilensoň, il sylagly ýaşulular ellerine orak alyp, ilkinji bitgin, sary başlaryny egip oturan bugdaý düýplerini «Bismilla» bilen ormaga başladylar. Olaryň bu hereketleri hormatly Prezidentimize, gaýratly gallaçy daýhanlara ýakymly gutlaglarynyň, şu orak möwsüminiň, tutuş ýylymyzyň guwandyryjy-buýsandyryjy netijelere beslenmegi hakyndaky arzuwlarynyň owazlary bilen utgaşyp, bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda esli wagt dowam etdi.  Şondan soňra täze hem-de kuwwatly kombaýnlaryň onlarçasy herekete girizilýär. Olar giň atyzyň çetinden girip, boldumly bugdaý düýplerini orup, täsin hatar bilen öňe öňe hereket edýärler. Biraz wagtdan üstüne ak bugdaý däneleri mas ýüklenilen ulaglar «Göroglygallaönümleri» kärhanasynyň öňündäki meýdança geldiler. Olar bu ýerde uly dabara bilen garşy alyndy. Şunlukda, ak bugdaýyň altyn däneleri Watan harmanyna goşulyp ugrady. Şol gün welaýatymyzda galla oragyna girişilmegi mynasybetli sadaka berildi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.