Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Gadymy mekanyň buýsançly taryhy

26.03.2025
Gadymy mekanyň buýsançly taryhy

2025-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzyň kalbynda egsilmez buýsanç döretdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde halkymyzyň geçmiş taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga, giňden öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Hakyda göwheri» atly kitaplarynda şöhratly taryhymyz hakynda buýsançly söhbet edilýär. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen türkmen topragynyň çar künjeginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler bular barada bize anyk maglumatlary almaga ýardam edýär. 
Daşoguz welaýaty hem taryhy ýadygärlikleri bilen tanalýar. Ýeri gelende bellesek, gadymy Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri 2005-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bilşimiz ýaly, Köneürgenç irki orta asyrlarda ylmyň, medeniýetiň ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Şäherdäki Mamun akademiýasy öz döwründe belli şahsyýetlere ylym, bilim beren iri merkezleriň biri hasaplanýar. Bu akademiýa Nejmeddin Kubra ýolbaşçylyk edipdir. Onuň gubury häzirki wagtda Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ady «Müň derwezeli şäher» diýlip agzalýan Köneürgençde senetçilik, medeniýet, sungat, tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy ojaklar hereket edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy künjege il arasynda «Üç ýüz altmyş pirleriň mekany» diýilýändigi hemmämize mälimdir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Köneürgençde hereket eden Mamun akademiýasynda 360 sany pir talyplara dürli ugurlardan sapak beripdir. Köneürgenç hakynda söhbet edeniňde Gutlug Timuryň minarasy barada söz açmak juda ýerliklidir. Baý geçmişimiziň buýsançly sahypalaryny bezeýän bu beýik ymarat Gürgenjiň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolupdyr. Häzirki wagtda onuň 65 metr bölegi saklanyp galypdyr. Munuň özi Köneürgençde binagärçiligiň kämil derejede ösendiginden habar berýär. Köneürgenjiň täsin arhitektura ýadygärlikleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Şolaryň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar bu künjegiň taryhy ösüşlerinden habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza uly sarpa goýulýar. Daşoguz welaýaty hem taryhy ýadygärliklere baý künjekleriň biri bolmak bilen, bu ýerde dürli döwürlerde ýaşap geçen ulamalar, alymlar, pirler, beýik şahsyýetler özleriniň yzlaryny goýup gidipdirler. 
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara gatnaşyklaryň barha işjeňleşýän döwründe geçmiş taryhymyza bolan gyzyklanma hem artýar. Mälim bolşy ýaly, milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa geçmiş taryhymyzyň äleme ýaň salýandygyny alamatlandyrýar.
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.