© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Halkymyz çaga terbiýesinde onuň edebine, özüni alyp barşyna, gylyk-häsiýetine aýratyn ähmiýet beren hem bolsa, perzentleriniň zähmetkeş, eli hünärli bolmagy hakynda-da az alada etmändir. Il arasynda «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýilýär. Emma halkymyzda el hünärini öwrenmek gyz perzent üçin hem derwaýys bilnipdir. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz öz hüwdülerinde «Halysynyň kenary, //On barmagnyň hünäri» diýip, gyzjagazlary söýgüläp, olary zähmete, el hünärini öwrenmäge höweslendiripdirler. Aýratyn hem, el hünärini öwrenmek gyz edebiniň aýrylmaz bölegi bolup, keşde çekmek, gaýma gaýamak, tikin-çatyn ýaly başarnyklar gyz maşgalanyň tapawutly häsiýetleri hasaplanypdyr. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň elinden çykan işleri, keşdedir nagyşlary, halydyr palaslary synlaýmalydyr. Gelin-gyzlaryň ümä ýygnanyşmagy hem nowjuwan gyzlar üçin özboluşly edep-terbiýe, görüm-görelde bolupdyr. Gadymy döwürlerde gelin-gyzlarymyz ümä ýygnanyşan mahallary ýaş gyzlaryň tiken tahýalaryny, oňa salan nagyşlaryny, çeken keşdelerini synlap, kem-köstüni düzedipdirler. Şol bir wagtyň özünde üme ýetişen gyzlar üçin özboluşly synag bolup, olaryň elleriniň çeperligine, iş başarjaňlygyna baha berlipdir. «Ümä gelen usully gyz, sapak ujuny düwmän ötürer» diýen aýtga öwrülen nakyl hem munuň şeýlediginiň aýdyň beýanydyr. Şoňa laýyklykda, ümä gelen gyzlar ogrynça gözastyndan synlanyp, olaryň köpüň arasynda gepine-sözüne, iş edişine, usullylygyna baha berlipdir, wagty gelende olara sawçylyga barlypdyr. «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisinde goňşulary Akpamygyň ejesiniň ýanyna gelip, gyzynyň dokuz-on ýaşyna ýetendigini aýdyp, ony ümä goýbermegini soraýarlar. Şundan hem görnüşi ýaly, halkymyzyň ajaýyp dessuryna öwrülen ümäniň gadymy döwürlerde gyz edebinde neneňsi ähmiýete eýedigine rowaýatlardyr ertekileriň, çeper eserleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň taryhy çykyşlarynda, ajaýyp eserlerinde jemgyýetiň sarsmaz sütüni bolan maşgala mukaddesliklerini, onuň agzybirligini berkitmekde, gorap saklamakda, watansöýüji, ynsanperwer nesilleri kemala getirmekde mähriban enelerimize aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýar. Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, dowamatynyň dowam bolmagynda, elbetde, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesi, edep-terbiýesi aýratyn orun eýeleýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy