Türkmen alabaý itler

Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Adamlar awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmaýarlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galýar, olar maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanýarlar. Itleriň bar ýerine ýylan, möý-içýanam gelmeýär. Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman, eýsem, sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär. Orta Aziýa alabaýlary häzirki döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda goýulýar. Şonuň ýaly hem alabaýlar iri, ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna awa hem ýaraýar.
Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçileridigini ýokary derejede subut etdiler.Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdy. Türkmen goýun hem-de aw itleriniň nerw ulgamy örän berk bolup, olar sähel zat üçin ynjalykdan gaçmaýarlar. Olar diýseň saýhally, akylly, syzyjy, gaýduwsyz hem-de özüne göwni ýetýän jandardyr. Olar özüne ynanylan mallary, öýleri, mellegi iň soňky demlerine çenli goraýarlar, howp dörände, şol bada ony aňýarlar hem-de tenine düşen ýarany, agyryny ýeňil geçirýärler. Bu sanalyp geçilen gylyk-häsiýetleri olary ýeke bir sakçylykda peýdalanmaga däl, eýsem, başa-baş söweşlerde ulanmaga-da mümkinçilik berýär. Ömrüniň köp bölegini gumda, malyň yzynda geçiren tejribeli çopanlar öz itlerinden arkaýyn, sebäbi itleriň möjek bilen garpyşyklarda ýaýdanyp durmajakdygyna,kynçylykly pursatlarda sürini taşlap gitmejekdigine, öz janyny orta goýup, eýesini hem-de onuň mallaryny gorajakdygyna berk ynanýarlar.
Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gadamlary batly, ýollary şöhratly bolsun, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Saparow Ylýas
Türkmen oba hojalyk instituty
Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak
taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby
