Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Şanly ýylyň taryhy ähmiýeti wagyz edildi

25.02.2025
Şanly ýylyň taryhy ähmiýeti wagyz edildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny giňden dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Parahatlyk, dost-doganlyk, jebislik — berkarar Watanyň beýik şygary» diýen at bilen maslahat geçirildi. 
«Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler eýwanynda geçirilen maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Çykyşlaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky düşünjelerini ösdürmek, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatynda beren gymmatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilýän Kararnamalar parahatçylyga, adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Çykyş edenler şular barada buýsanç bilen belläp geçdiler. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.