
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda beýleki ekinler bilen bir hatarda, gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan möwsümleýin çäreleriň depginini ýokarlandyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Olaryň öz wagtynda berjaý edilmegine gönükdirilen aladalar welaýatymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň netijesinde häzirki jogapkärli döwürde gowaçalaryň ideg işleri öndürijilikli barýar. Häzirki günlerde gowaça bejergisini talabalaýyk dowam etdirýän Görogly etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem çekýän agzybirlikli zähmetiniň oňat netijeleri berýändigini olaryň garamagyndaky meýdanlara nazar aýlanyňda anyk görmek mümkin. Çünki olaryň ýadawsyz yhlaslary bilen idegi ýetirilýän gowaçalar günsaýyn boý alyp, irki hasyl düwünçeklerini, gül-gunçalary emele getirýärler. Munuň özi altyn güýzdäki bereketli hasylyň güwäsi hökmünde diňe bir pagtaçy daýhanlary däl, eýsem, hemmeleri guwandyrýar. Etrabyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary hem häzirki günlerde gowaçalary haşal otlardan arassalamak, iýmitlendirmek, suwarmak, olaryň hatar arasyny ýumşatmak ýaly derwaýys çäreleri amala aşyrmakda öňe saýlanýarlar. Bu bolsa olaryň ekin meýdanlarynda ir ertirden giç agşama çenli joşgunly zähmetiň möwç urýandygyny görkezýär.
Belli bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda daýhan birleşigi boýunça jemi 950 gektar meýdanda gowaça ekişi geçirilip, kadaly gögeriş gazanylypdyr. Şeýlelikde, öz meýdanlaryndaky ýaşajyk düýpleri daýhan yhlasy bilen gurşap alan kärendeçiler olaryň çalt hem gyradeň ösüşini üpjün edipdirler. Tomus paslynyň häzirki günlerinde-de olar bu babatdaky aladalaryny guramaçylykly alyp barmak bilen, bereketli hasylyň binýadyny goýýarlar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available