Daşoguz-1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Sürüm ýokary depginde

10.07.2025
3
Sürüm ýokary depginde

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli bugdaý hasylynyň ýygnalan meýdanlarynda welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlary sürüm işlerini geçirýärler. Bu babatda Şabat etrabynda alnyp barylýan işler hem ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kuwwatly traktorlarynyň 20-den gowragynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylyp, her gün ýüzlerçe gektar meýdanda bu çäre agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilýär. Sürümiň ýokary depginde dowam etdirilmegine kärhananyň tejribeli mehanizatorlaryndan Şahruh Reýimbaýew, Haýrulla Allamow, Allaberen Ýoldaşow, Jöwlan Täjimow we beýlekiler has-da uly goşant goşýarlar. Şeýlelikde, şu mahala çenli etrabyň «Gülüstan», «Dostluk», «Medeniýet» daýhan birleşikleriniň, S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň köp böleginde sürüm işiniň göwnejaý guralyp, oňat netijeleriň gazanylandygyny aýtmak bolar. Bu möhüm çäräniň talabalaýyk alnyp barylmagynda traktorlara hem-de olaryň iş gurallaryna ýangyç-tehniki hyzmatlaryň iş üstünde ýola goýulmagy, mehanizatorlar üçin oňaýly dynç alyş şertleriniň döredilmegi öndürijiligi artdyryp, oňat netijeleri berýär. Şunlukda, etrapda galla meýdanlaryny güýzki bugdaý ekişi möwsümine birkemsiz taýýarlamakda esasy çäreleriň biri hasaplanylýan şüdügär sürümini bellenilen möhletlerde tamamlamaga mümkinçilik bar. Bu bolsa soňraky çärelere irki döwürlerde girişmäge ýol açar.
 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.