© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kemala getirilen bugdaý hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almaga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirmek bilen, Watan harmanyna goşant goşmakda guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlislerinde, şeýle hem iş maslahatlarynda gallaçylaryň gazanýan üstünlikleri barada durup geçip, olaryň döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň derwaýysdygyny aýratyn nygtaýar. Şondan ugur almak bilen, welaýatymyzda hem degişli çäreler günübirin amala aşyrylýar. Bank edaralarynyň işgärleriniň bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň dessin ýerine ýetirilmegine gönükdirilen aladalary oňat netijeleri berýär. Şunlukda, ussat gallaçylarymyzyň özleriniň döwlet harmanyna goşan bugdaý hasyly üçin degişli bolan pul serişdelerini bankomatlaryň üsti bilen islendik wagtda almaklaryna şert döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky çözgüdine laýyklykda, olaryň gazançlary has artyk bolup, maşgalalarynyň gurplanmagyna, toý-baýramly günleriniň köpelmegine ýardam berýär. Öz halal gazançlaryny maňlaýlaryna sylýan gallaçy daýhanlar hormatly Prezidentimize çäksiz goldawy üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available